BIZNES

Ammiak selitra döküni Özbegistandan satyn alnar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işler barada hasabat berdi.

Ministerler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň ammiak selitra dökünini satyn almagy hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi. 2021-nji ýylda ýurdumyzda gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirmek maksady bilen, obasenagat toplumyny zerur mineral dökünleri bilen üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerini zerur himiýa önümleri bilen doly üpjün etmegiň möhümdigini aýdyp, dökünleri satyn almak baradaky teklibi makullady. Milli Liderimiz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamanyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

AMMIAK SELITRA ÖZBEGISTANDAN SATYN ALNAR

Ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerini mineral dökünler bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine 140 müň tonna ammiak selitra dökünini satyn almak barada Özbegistan Respublikasynyň “Uzkimyoimpeks” jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

 

 

Ýer bölekleri peýdalanmaga berler

Ýene-de okaň

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy