JEMGYÝET

Ahalteke bedewi – Gazagystanyň täze medeni nyşanyna öwrüldi

Seýrek duş gelýän izabella reňkli ahalteke bedewi Akjan, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň iň halaýan atlarynyň biri hökmünde Astananyň täze medeni nyşanyna öwrüldi.

“Kazinform” agentliginiň habar bermegine görä, 2025-nji ýylyň mart aýynda Astanada dünýä inen Akjan ýurduň ilatynyň arasynda giňden meşhurlyk gazandy.

Akjan ahalteke atlarynyň bary-ýogy takmynan 3 göteriminde duş gelýän seýrek izabella reňkine degişlidir. Onuň ýüňüniň özboluşly gurluşy sebäpli reňki atlas ýaly öwüşgin saçýar. Sähra medeniýetinde şeýle seýrek reňkli atlar gadymdan bäri bagtyň we abadançylygyň nyşany hasaplanylýar.

Şähergurluşyk boýunça bilermenleriň bellemegine görä, Akjanyň keşbi şäher ilaty üçin uly ruhy ähmiýete eýe boldy. Ol beýik Sähranyň däplerini häzirki zaman Gazagystanyň gymmatlyklary bilen sazlaşykly utgaşdyryp, paýtagtyň medeni özboluşlylygyny we agzybirlik duýgusyny pugtalandyrýar.

Akjanyň sosial torlardaky meşhurlygy hem Astananyň ýaşaýjylarynyň ony diňe bir tohum at hökmünde däl-de, eýsem «päk ruhuň» we sazlaşygyň nyşany hökmünde kabul edýändigini görkezýär. Şeýlelikde, ol şäheriň binagärlik keşbine çuňňur medeni many goşýar.

Şeýle hem gazagystanlylaryň Akjan barada sosial torlarda işjeň pikir alyşýandyklary we onuň suratlaryny giňden paýlaşýandyklary bellenilýär. Munuň netijesinde Akjan kem-kemden jemgyýetçilik aňynda Astananyň resmi däl nyşany hökmünde orun alýar hem-de agzybirligiň, sazlaşygyň we umumy medeni gymmatlyklaryň nyşany hökmünde kabul edilýär.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Sigeru Isibany doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine

Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine täze ýolbaşçy bellendi