DÜNÝÄ

Messi – dünýäde iň köp girdeji gazanýan futbolçy

“France Football” neşiri futbolçylaryň girdejileri babatda seljerme işlerini geçirdi. Bu seljermede oýunçylaryň aýlyklary, surat hukuklaryndan alnan girdejileri we geçen möwsümde gazanan bonuslary göz öňünde tutdy.

Şeýlelikde sanawda birinji orny argentinaly ýyldyz futbolçy, Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň hüjümçisi Lionel Messi eýeledi. Geçen möwsümde onuň umumy girdejisi 131 million ýewro boldy.

Bu sanawda ikinji we üçünji orunlary degişlilikde “Ýuwentus” toparynyň portugaliýaly ýyldyzy Kristiano Ronaldo we Fransiýanyň PSŽ toparynyň braziliýaly meşhur futbolçysy Neýmar eýeledi. Ronaldonyň girdejisi 118 million ýewro, Neýmaryňky bolsa 95 million ýewro deňdir.

Related posts

Rus şirketi, Türkmenistan ile anlaşma sağlayacak

vepa

Wladimir Putin: Hazar sammiti ähli gatnaşyjy ýurtlaryň bähbidine

Gazagystanda Merkezi Aziýanyň iň uly metjidi açyldy

Ata Watan Eserleri