DÜNÝÄ

Dubaýda Türkmenistanyň nebitgaz göçme forumy başlady

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýylylgy mynasybetli BAE-niň dubaý şäherinde “TOPH gaz geçirijisi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gaz geçirijisidir” atly halkara maslahaty hem-de nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumy öz işine başlady.

Dünýäniň ençeme ýurdundan iri nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň, hökümet wekiliýetleriniň hem-de beýleki myhmanlaryň gatnaşmagynda geçirilýän foruma “Atawatan Türkmenistan” halkara žurnaly hem gatnaşýar.

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyndaky gazananlaryny dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek maksady bilen geçirilýän halkara forumy “TOPH gaz geçirijisi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gaz geçirijisidir” atly halkara maslahaty bilen öz işine başlady. Bu maslahatyň ilkinji plenar sessiýasynda Türkmenistan-Beýik Britaniýa söwda we senagat edarasynyň başlygy Ron Naşyň alyp barmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ýagşygeldi Kakaýew, Türkmenistanyň BAE-däki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Serdarmämmet Garajaýew “Bitarap Türkmenistanyň syýasaty: parahatçylyk we hyzmatdaşlyk diplomatiýasy” atly mowzukda, BAE-niň elektrik energiýasy we suw hojalygy edarasynyň başlygy Saeed Al Taýer, Owganystanyň Prezidentiniň maliýe we bank ulgamy boýunça ýokary derejeli geňeşçisi Ajmal Ahmady “TOPH-yň Owganystan üçin ähmiýeti” atly mowzukda, “TAPI Pipeline Ltd.”  Konsorsiumynyň başlygy Muhammetmyrat Amanow “TOPH – parahatçylyk we hyzmatdaşlygyň şuglasy” atly mowzukda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdji Jepbarow “Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri” atly mowzukda we Türkmenistan-Beýik Britaniýa söwda we senagat edarasynyň başlygy Ron Naş “Bitaraplyk – sebitde durnuklylygyň we ösüşiň açary” atly mowzukda çykyşlary diňlenilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ýagşygeldi Kakaýew öz çykyşynda daşary ýurtly maýadarlary Türkmenistanyň nebitgaz hem-de gazhimiýa pudaklaryna maýa goýmaga çagyrdy.

Halkara “Atawatan Türkmenistan” žurnalynyň hem metbugat boýunça hyzmatdaşy bolan bu halkara forum nebitgaz pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin uly ähmiýete eýedir.

Ýene-de okaň

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk