DÜNÝÄ

Ozalky Premýer-ministr Boris Jonson teleýaýlym alypbaryjysy bolar

Beýik Britaniýanyň ozalky Premýer-ministri Boris Jonson öňki kärine dolanyp barmagy meýilleşdirýär. Oňa britan “GB News” habarlar teleýaýlymyndan teklip geldi. Bu barada “ВВС” neşiri habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, Jonson şu ýylyň iýunda aýynda britan parlamentiniň deputaty wezipesini tabşyrypdy. Ol özüne hödür edilen bu işi uly hormat bilen kabul etjekdigini belledi.

Ol bu teleýaýlymda dokumental filmiň alypbaryjysy bolar. Şeýle hem geljek ýyl geçiriljek Beýik Britaniýanyň parlament saýlawlaryny teleýaýlymda giňden beýan edilmegine goşant goşar.

Boris Jonson ozal hem žirnalist bolan syýasatçydyr. 1987-nji ýylda ozalky hökümet baştutany “Daily Telegraph” gazeti üçin analitik makalalar toplumyny ýazypdyr. 1980-nji ýylyň ahyrynda Brýusselde bu neşiriň habarçysy bolup işledi.

Ol 1990-njy ýylda London şäherine gaýdyp gelip, “Spectator” žurnalynda analitik makalalar bilen çykyş edip başlady. 2008-nji ýylda London şäheriniň  häkimi wezipesine saýlanan Jonson bu wezipede 2 ýyl işledi. Ol 2016-2018-nji ýyllarda Beýik Britaniýanyň şol döwürdäki hökümet baştutany Tereza Meýiň ýolbaşçylyk eden hökümetinde daşary işler ministri wezipesini alyp bardy.

2019-njy ýylda Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri bolan Jonson 2022-nji ýyla çenli bu wezipede işledi.

Ýene-de okaň

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň ösüş strategiýays ministri bilen duşuşdy

Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýanyň Gyzyl kitabyny döretmegi teklip etdi

Bütindünýä banky Merkezi Aziýanyň taslamalaryna 1 milliard dollar maýa goýdy

Amyderýadan Aşgabada: Ýaş tebigatçylar üçin okuw maslahaty geçirildi

Azerbaýjan we Merkezi Aziýa ýurtlary howa boýunça bilelikdäki beýannama kabul etdiler