DÜNÝÄ

Kane Uest prezidentlige ymtylýar

Meşhur amerikaly reper (aýdymçy) we Kim Kardaşýan ýoldaşy Kane Uest ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni 2020-nji ýylda geçiriljek Prezident saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşjakdygyny mälim etdi. Ýöne hasaba durmak üçin az wagt galdy, Kane Uestiň zerur bolan gollary ýygnap, hasaba durup biljekdigi entek näbelli.

– Indi Amerikanyň beren wadasyny ýerine ýetirmeli, gözýetimimizi birleşdirmeli we geljegimizi gurmaly – 43 ýaşly aýdymçy Kane Uest “Twitter” jemgyýetçilik torundaky hasabyndan belläp geçýär.

Amerikalylaryň köpüsi, esasanam jemgyýetçilik torundan peýdalanýanlar muňa çynlakaý kabul etmediler.

ABŞ-da 2020-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Prezident saýlawlaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Ýurduň häzirki Prezidenti Donald Trump Respublikanlar partiýasyndan dalaşgärdir. Onuň esasy garşydaşy Demokratlar  partiýasyndan ozalky wise-prezident Jo Baýdendir.

Ýene-de okaň

Türkmen ilçisi Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Bakudaky adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriň halkara forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň baş assambleýasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Gökderede ýaş ýangyn söndürijileriň bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Kýurasao milli ýygyndysy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Türkmenistan kreatiw we döredijilik boýunça halkara maslahata gatnaşdy