DÜNÝÄ

TÜRKSOÝ : Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp çäre geçiriler

TÜRKSOÝ Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşyk geçirildi. 2022-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligniň resmi web saýtynda habar berilişine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny maslahatlaşdylar hem-de onuň ileri tutulýan ugurlaryna seredip geçdiler. Şol bir wagtda, taraplar türki dilli halklaryň baý medeni mirasynyň goranyp saklanylmagyna, öwrenilmegine we dünýäde ýaýbaňlandyrylmagyna gönükdirilen Türkmenistanyň TÜRKSOÝ guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini bellemek bilen, medeni gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegine gyzyklanma bildirdiler.

 

Şeýle hem ileri tutulýan dürli bilelikdäki maksatnamalar boýunça pikir alşyldy, hususan-da türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleri gurnamagyň mümkinçilikelrine seredip geçdiler

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini dikeltmek işi dowam edýär

Türkmenistanyň ilçisi Filippinleriň Garaşsyzlyk gününiň çärelerine gatnaşdy

Türkmenistan Pekinde geçirilen Adam hukuklary ýokary derejeli foruma gatnaşdy

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak toparynyň mejlisi geçiriler

Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça Bonn maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ýaponiýada saparda boldy