DÜNÝÄ

Serhetsiz sungat: Türkmenistan bilen Gruziýa medeni hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Şota Rustaweli adyndaky Milli teatrynyň Direktory G.Tewzadzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar sunagtyň gadymy görnüşleriniň biri bolup durýan teatryň halklaryň taryhynyň we däp dessurlarynyň aýrylmaz bölegidigini, şeýle hem medeni mirasy öňe sürmekde we ony gorap saklamakda jemgyýetiň medeni durmuşynda uly mana eýedigini belläp geçdiler.

Ilçi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän dabaraly çäreler hakynda G.Tewzadze gürrüň berdi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar bilelikde medeni çäreleri geçirmegi hem ylalaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň teatrlarynyň arasynda göni aragatnaşygyň we hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň medeni gatnaşyklaryň giňelmegine hem-de halklaryň ýakynlaşmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Saparyň dowamynda Direktor Ilçini teatrynyň taryhy, onuň alyp barýan işi, döredijilik taslamalary we başlangyçlary, şeýle hem tomaşa zallary bilen tanyşdyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary