SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hristofor Kolumbyň haty auksionda satyldy

Hristofor Kolumbyň 1493-nji ýylda ýazan hatynyň hakyky nusgasy auksionda 3,9 million dollara satyldy. Meşhur syýahatçy bu hatynda Amerika amala aşyran saparyny dolulygyna beýan edipdir.

Habar berlişine görä, soňky 10 ýyllykda Kolumbyň hatynyň birnäçe galp görnüşleri hem ýüze çykaryldy. Kolumbyň haty ispan dilinde ýazylypdyr. Ony tutuş Ýewropa ýaýratmak maksady bilen latyn diline geçirilipdir.

“Christie’s” auksionda hödürlenen hatyň hakykydygyna aýratyn üns berildi we ol jikme-jik barlandy. Auksion öýüniň wekilleri hatyň hakykydygyna ynanýarlar.

Bu hat Kolumb tarapyndan ispan şasy Ferdinand II we şa aýaly Izabelle I ýazylypdyr. Olar Kolumbyň bu syýahatyny maliýeleşdiripdiler.

Related posts

Ukrainadaky türkmen raýatlarynyň nobatdaky tapgyry getirildi

Ata Watan Eserleri

Daşary ýurtly metbugat wekilleriniň Türkiýä syýahatçylyk sapary – 1

Ata Watan Eserleri

“Sputnik V” sanjymy Italiýada öndüriler