DÜNÝÄ

Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşyk

2023-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa ýurtlary departamentiniň Baş direktory Çoý Teho bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda şu ýylyň 31-nji oktýabry – 1-nji noýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Park Çžiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana resmi saparynyň, şeýle hem Aşgabatda geçiriljek «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy mejlisiniň we onuň çäklerinde gurnaljak çäreleriň guramaçylyk, mazmuny taýdan, hem-de forumyň gün tertibinden gelip çykýan meselelere garaldy.
Şunuň bilen birlikde, söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň, hususan-da syýasy, söwda-ykdysady, energetika we medeni-gumanitar ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmekligiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Related posts

Halkara migrasiýa guramasynyň wekiliniň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putini Russiýa güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy