DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministri gazak kärdeşi bilen duşuşdy

“С5+1” formatynda Merkezi Aziýanyň we ABŞ-nyň daşary işler ministrleginiň duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde bolýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen duşuşdy.

Gazagystanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, diplomatlar iki ýurduň arasyndaky söwda, ulag, logistika we energetika pudaklaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gönükdirilen ýokary derejelerde gazanylan şertnamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi.

Duşuşykda sebitleýin we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri barada giňişleýin pikir alyşma geçirildi. Halkara arenasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmakda gyzyklanma bildirildi.

Related posts

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri

Ýapon Imperatory ilkinji daşary ýurt saparyny amala aşyrýar

Gruziýa Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi gutlady

Leave a Comment