JEMGYÝET

Ýagyşdan elektrik energiýasy alnar

Alymlar ýagyş damjalaryndan elektrik energiýasyny almagyň täze usulyny işläp düzdüler. Geçirilen barlaglar ýekeje damja ýagyşyň energiýasynyň 100 sany adaty lampany ýakyp biljekdigini görkezdi diýip, «Nature» žurnaly ýazýar.

Täze gözleg hytaýly hem-de amerikaly alymlara degişlidir. Olar bu täze işiň interfeýsini teklip etdiler. Aýdylyşy ýaly, damjalar generatoryň plastinasynyň üstüne düşüp, alýuminiýli elektrod bilen indi-kaliý oksidli elektrodyň arasynda suw köprüsini emele getirýärler. Şeýle ýagdaýda damjalar rezistor, tutuş gurluş bolsa kondensator wezipesini ýerine ýetirýär.

Geçirilen barlaglara görä, şeýle usul bilen alnan elektrik energiýasy örän kuwwatly hem bolýar. Taslama dolulygyna bäş ýyldan soň tamamlanar. Geljekde bolsa her birimiz jaýyň üçeginde, hatda saýawanymyza düşen ýagyş damjalaryndan hem elektrik energiýasyny alyp bileris. Bu usul dünýä ykdysadyýetine hem uly peýda getirer.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar

Türkmenistanda ýolbaşçylar 1-nji awgustdan dynç alşy çykarlar