JEMGYÝET

Eriksen «Interde»

Angliýanyň «Tottenhem» klubynyň ýarym goragçysy Kristian Eriksen Italiýanyň «Inter» toparynyň düzümine goşuldy. Bu barada «Interiň» «Twitterdäki» resmi hasabynda habar berildi.

Klub 27 ýaşly daniýaly futbolçy bilen 2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli şertnama baglaşdy. Tejribeli oýunçy üçin «Interiň» «Tottenheme» näçe töländigi heniz aýan edilenok.

Öňräk klublaryň bu transfer üçin 20 million ýewro möçberinde ylalaşyga gelendigi, bu puldan 2 million ýewronyň «Aýaksyň» hasabyna geçiriljekdigi ýazylypdy. Mälim bolşy ýaly, Kristian Eriksen 2013-nji ýylda «Aýaksdan» London şäheriniň klubyna geçipdi.

Käbir çeşmelerde futbolçynyň «Interde» her ýyl 10 million ýewro gazanjakdygy aýdylýar. Şeýlelikde, ol Kriştianu Ronaldudan soňra Italiýanyň «Seriýa A» çempionatynda iň köp hak tölenýän futbolçy bolar.

Kritian Eriksen şu möwsümde «Tottenhemiň» düzüminde 28 duşuşyga gatnaşdy. Şolarda 3 gezek tapawutlanan futbolçy, 3 goluň asistini amala aşyrdy.

Ýene-de okaň

Hytaýyň tejribeli lukmanlary Türkmenistana sapar bilen geler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler