SPORT

2028-nji ýylda UEFA-nyň Superkubogy Astanada geçiriler

2028-nji ýylyň UEFA-nyň Superkubogy ugrundaky duşuşyk Astanada geçiriler. Bu baradaky karar Ýewropa futbol assosiýasiýalary birleşiginiň (UEFA) Saloniki şäherinde geçirilen Ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisinde kabul edildi.

Oýun “Astana Arena” stadionynda geçiriler, oňa 2027/28 möwsüminiň Çempionlar ligasynyň we Ýewropa ligasynyň ýeňijileri gatnaşar.

2027-nji ýylda UEFA Superkubogy ugrundaky duşuşyk Amsterdamyň “Ýohan Kroýf Arena” stadionynda geçiriler.

Gazagystan ilkinji gezek Ýewropa klub ýaryşynyň kubogy ugrundaky duşuşygy kabul eder.

“Astana Arena” 2009-njy ýylda açyldy, stadionyň orun sany 30,2 müň janköýere niýetlenendir. Bu futbol meýdançasy “Astana” kluby we Gazagystanyň milli ýygyndysynyň stadiony bolup durýar.

Related posts

Italiýanyň çempionatynda ilkinji zenan emin

“Oklahoma” taryhynda ilkinji gezek NBA çempiony boldy

Türkmenistan “Ýüpek ýoly” rallisini guramagy meýilleşdirýär