DÜNÝÄ

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi

2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti I.Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti A.Lukaşenko, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri N.Paşinýan, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti K.Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti S.Žeyenbekow, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti I.Dodon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.Mirziýoew, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti E.Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti G.Berdimuhamedow, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji direktory S.Lebedew dagylar bu sammitiň işine gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanlarynyň mejlisi dar düzümdäki gepleşikler bilen başlandy. Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has ýokary basgançaklara ýetmäge gönükdirilen bilelikdäki işleriň alnyp barşyna ýokary baha berdiler. Şu ýyl Türkmenistanyň GDA-nyň başlygy bolmak bilen gazanan üstünliklerini belläp, taraplar 2020-nji ýylda Arkalaşyga başlyklyk etmek barada maslahatlaşdylar.

Soňra giň düzümde mejlis geçirildi. Duşuşygyň barşynda gatnaşyjylar syýasy, ykdysady we ynsanperwerlik ugurlardaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişiň 75 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görmek meselesine aýratyn seredildi

Mundan başga-da taraplar söwda-ykdysady we hukuk esasly, harby-tehniki hyzmatdaşlygy, şeýle-de diňe bir GDA-nyň çäklerinde däl-de, eýsem, bütin dünýäde durnuklylygy we howpsuzlygy saklamak babatynda alnyp barylýan işleri aýratyn bellap geçdiler. Mejlise gatnaşyjylar ähmiýetli netijeleri gazanmak üçin halkara guramalary we sebitleýin birleşmeleri bilen hyzmatdaşlygyň möhümdigini tassykladylar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň agza-döwletleriniň Ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň Döwletara gaznasynyň “Ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki hyzmatlary üçin” medaly bilen sylaglandy. GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji direktory S.Lebedewe Türkmenistanyň Döwlet sylagy – «Bitaraplyk» ordeni gowşuryldy.

Mejlisiň ahyrynda taraplar “2020-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek hakynda” we “Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek hakynda” kararnamalara gol çekdiler hem-de “GDA gatnaşyjy döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky jarnamasyny” we “1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk Urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy bilen bagly Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklaryna we dünýä jemgyýetçiligine GDA gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň Ýüzlenmesini” kabul etdiler.

Soňra GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň mejlisiniň netijeleri boýunça metbugata ýüzlenme geçirildi we onda bu mejlisde gazanylan üstünlikler, halkara gün tertibiniň ähmiýetli ugurlaryna bolan garaýyşlaryň meňzeşligi we bu duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejede geçirilmegi aýratyn beýan edildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

BMG kiberjenaýatçylyga garşy konwensiýasy kabul etdi

Lukaşenko we 4 dalaşgär prezidentlige dalaş eder

GDA-nyň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçiriler

Ata Watan Eserleri

Prezidenti we Premýer-ministri zenan bolan ýurt

Türkmenbaşy şäherinde Gazagystanyň konsullygynyň täze binasy açyldy

Ata Watan Eserleri