JEMGYÝET

<> Hytaýdan ötünç sorady

Italiýanyň «Versage» modalar öýi satuwa çykaran täze köýnekçelerindäki geografiki ýalňyşlyk üçin Hytaý Halk Respublikasyndan ötünç sorady. Ýalňyşlyk Hytaýyň çägindäki Gankong we Makao ýaly geografiki ýerleriň köýnekçede aýratyn döwlet hökmünde görkezilmegi bilen baglydyr.

Şeýle hem modalar öýi bu ýalňyşlyk bilen öndürilen we 24-nji iýuldan bäri satlyga çykarylan ähli köýnekçeleri yzyna ýygnap aldy we olary ýok edendigi barada HHR-a habar berdi.

«Bu biziň ýalňyşlygymyz we bolan ýagdaý üçin gynanç bildirýäris. Biz Hytaý hökümetine we Hytaýyň geografiki çäklerine hormat goýýarys» diýip, modalar öýüniň beýanatynda aýdylýar.

Maglumatlara görä, «Versage»-niň Hytaýdaky mahabatlandyryjysy Ýan Mi bu ýalňyşlyk üçin modalar öýi bilen işleşmekden ýüz öwürdi. Aktrisa iýun aýynda gol çeken şertnamasyny 11-nji awgust güni ýatyrdy.

«Gianni Versace S.p.A.» kompaniýasy 1978-nji ýylda italiýaly modelýer Žanni WersaŽ tarapyndan esaslandyryldy. Kompaniýa geýim-gejim, parfýumeriýa, sagat, öý bezegleri, aksessuar we beýleki zatlaryň söwdasy bilen meşgullanýar. Kompaniýanyň esaslandyryjysy 1997-nji ýylda aradan çykansoň, onuň işini uýasy Donatella alyp barýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2025-nji ýylda geçiriljek halkara çäreler

Türkmenistan Owganystanda raýat ylalaşygyny gazanmak babatdaky tagallalary goldaýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri: howpsuzlyk üçin Bitaraplygyň mümkinçiligini ulanmak möhümdir

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan BMG-niň ynamdar hyzmatdaşy hem-de pikirdeşi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Antoniu Guterriş telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistan bilen Saud Arabystany haj zyýaraty boýunça ylalaşyga gol çekdi