SPORT

Türkmen türgeni ilkinji gezek Real American Freestyle (RAF) ýaryşynda çykyş eder

2026-njy ýylyň 14-nji noýabrynda Abu Dabidäki “Etihad Arena” sport toplumynda häzirki “Real American Freestyle” (RAF) çempiony Kaýl Deýk bilen geljegi uly türkmen pälwany Alp Arslan Begenjowyň arasynda ýeňil agramdaky çempionlyk ugrundaky göreş geçiriler.

Bu tutluşyk RAF-yň ilkinji Ýakyn Gündogar ýaryşynyň esasy wakalarynyň biri bolar we onuň Aşgabat wagty bilen agşam sagat 9:00-da başlamagy meýilleşdirilýär.

20 ýaşly 20 ýaşa çenli dünýä ýaşlar çempiony we 23 ýaşa çenli Aziýa çempiony Alp Arslan Begenjow üçin onuň geljekki çykyşy RAF professional ligasyndaky ilkinji çykyşy we ilkinji synanyşygynda çempionlyk guşagyny gazanmak üçin özboluşly mümkinçilik bolar.

Türkmen türgeniniň garşydaşy köp gezek dünýä çempiony we iki gezek Olimpiýa oýunlarynyň bürünç medalynyň eýesi 35 ýaşly Kaýl Deýk bolar.

Abu-Dabide geçiriljek RAF ýaryşy liganyň Ýakyn Gündogar bazaryna girmegini alamatlandyrar we halkara göreş we garyşyk söweş sungatynyň ýyldyzlaryny bir ýere jemleýär.

Deýk bilen Begenjowyň arasyndaky çempionlyk göreşinden başga-da, ýaryşyň maksatnamasyna Hamzat Çimaýew, Arman Tsarukýan, Abdulraşid Sadulaýew, Kaýl Snaýder we Jordan Burrouz ýaly meşhur türgenleriň çykyşlary girýär.

İReal American Freestyleİ (RAF) ýaryşy — Florida ştatynyň Tampa şäherinde ýerleşýän professional erkin göreş ligasy bolup, 2025-nji ýylda Çad Bronşteýn, Izzy Martinez, Erik Bişoff we meşhur göreşçi Hulk Hogan tarapyndan esaslandyrylandyr.

Related posts

Feliks “Milanda” kärendesinde oýnar

Boks gijesi: Entoni Joşua bloger Jeýk Poly ýeňdi

Ata Watan Eserleri

Infantino FIFA-nyň ýolbaşçylygyna täzeden saýlandy

Ata Watan Eserleri