SPORT

Infantino FIFA-nyň ýolbaşçylygyna täzeden saýlandy

Janni Infantino Halkara Futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy. Onuň wezipe ygtyýarlyk mnöhleti 2027-nji ýylda tamamlanar.

Infantino bu wezipä dalaşgär görkezilen ýeke-täk dalaşgär boldy. Dünýä futbolynyň esasy guramasy bolan FIFA-nyň ýolbaşçysynyň saýlawy Ruandanyň paýtagty Kigale şäherinde geçirilen FIFA-nyň 73-nji kongresiniň çäklerinde geçirildi.

52 ýaşyndaky şweýsariýaly ilkinji gezek 2016-njy ýylda guramanyň baştutany wezipesine saýlanypdy. 2019-njy ýylda gaýtadan saýlanan Infantino ýene-de 4 ýyl bu gurama ýolbaşçylyk eder.

Related posts

Toparlaryñ arasynda iñ gowy nyşan ýaryşy geçirilýär

«Tottenhem» Keýniň nyrhyny kesdi

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Leave a Comment