DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýokary Komissary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 12-16-njy oktýabry aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 77-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilýeti bilen BMG-niň Bosgunlar boýunça täze saýlanan Ýokary Komissary jenap Barham Salihyň arasynda iki taraplaýyn iş duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda türkmen wekilýetiniň ýolbaşçysy jenap Barham Salihi bu ýokary we jogapkärli wezipä saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa ynsanperwer işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem taraplar köpýyllyk hyzmatdaşlygyň oňyn netijelerini nygtap, şu çäräniň Bosgunlaryň statusy hakyndaky 1951-nji ýylyň Konwensiýasynyň 75 ýyllygy bilen gabat gelýändigini aýratyn belläp geçdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar özara ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Jenap Barham Salih Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli çäreler bilen tanyşdyryldy.
Gepleşikleriň dowamynda 2024-nji ýylda BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň Maksatnamasy bilen ýakyn hyzmatdaşlykda öz çägindäki raýatsyzlygyň ähli ýagdaýlary boýunça işleri üstünlikli tamamlan Türkmenistanyň uly tejribesi aýratyn nygtaldy. Ynsanperwer syýsatyny durmuşa geçirmek ýyllarynyň dowamynda 32 müňden gowrak adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi, 5 müňden gowrak adama bolsa Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi. Bu ugruň möhüm dowamlylygy hökmünde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň şanly baýramçylygynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, 146 sany daşary ýurt raýatyna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi.
Öz gezeginde, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissary jenap Barham Salih Türkmenistanda ynsanperwer meseleleri babatynda geçirilen köp sanly maslahatlar, duşuşyklar, forumlar we halkara çäreler tutuş dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldanylýandygyny aýratyn belläp geçdi. Şeýle hem halkara jemgyýetçiliginiň ýurdumyzyň migrasiýa syýasaty babatda gazanan üstünliklerine ýokary baha berýändigini nygtady. Aýratynda jenap Barham Salih Türkmenistanyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan düýbi tutulan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ynsanperwerlik, halkara raýdaşlygy we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda amala aşyrylýan yzygiderli ynsanperwer syýasatyna ýokary baha berdi. Häzirki wagtda bu başlangyçlar beýleki ýurtlar üçin mynasyp nusga bolmak bilen, dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde durýar hem-de öwrenilýär.

Related posts

“Atavatan Türkmenistan’ın” Resmi Twitter hesabı faaliyette

vepa

Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy saýlaw uçastogyny döretdi

Ministrler Kabinetiniň mejlisi: Günebakar Ýagy Öndüriler

vepa