DÜNÝÄ

TransHazar optiki-süýümli aragatnaşyk liniýasynyň ulanmaga berildi

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew TransHazar optiki-süýümli aragatnaşyk liniýasyny ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdylar.

Prezidentler Hazar deňziniň düýbi bilen Gazagystan bilen Azerbaýjany birleşdirýän, umumy uzynlygy 380 kilometr bolan optiki-süýümli aragatnaşyk liniýasynyň ulanmaga berilmeginiň ähmiýetini bellediler. Onuň maglumat geçirijilik kuwwaty sekuntda 400 terabite deňdir.

Taslama «Gazaktelekom» paýdarlar jemgyýeti we Azerbaýjanyň «AzerTelecom» kompaniýasynyň bilelikdäki tagallalary bilen amala aşyryldy.

Bu taslama Gazagystany, Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryny we Hytaýy Ýewropa bilen baglanyşdyrýan täze aragatnaşyk ugrunyň bir bölegi bolar. Bu liniýa Ortaýer we Gara deňizlerdäki deňiz ulgamlaryna hem birikdirilip bilner.

Taslamanyň Gazagystanyň sanly ykdysadyýetini ösdürmekde strategik ähmiýeti bar. Ýagny, TransHazar optiki-süýümli aragatnaşyk liniýasy ýurduň halkara derejesindäki aragatnaşyk mümkinçiliklerini artdyrar hem-da halkara tehnologiýa kompaniýalaryny çekmek, bulut hyzmatlaryny we emeli aň infrastrukturasyny ösdürmek üçin şertleri döreder.

Related posts

Türkmenistan Bişkekde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň III parlamentara forumyna gatnaşdy

Sindzo Abe üçin döwlet derejesinde matam çäresi guraldy

Türkiýe Hazar sebitiniň ekologik howpsuzlygy we durnukly geljegi ugrunda hyzmatdaşlyga çagyrýar

Ata Watan Eserleri