MEDENIÝET

Ýazyjy Öwezmyrat Ýerbendi aradan çykdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, ýazyjy Öwezmyrat Ýerbendi aradan çykdy.

Ussat ýazyjy Öwezmyrat Ýerbendi “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynda yzygiderli çykyş edip, köp sanly hekaýalaryň hem-de gymmatly eserleriň awtorydyr. Onuň gyzykly hem-de durmuşy hekaýalary “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň “www.atavatan-turkmenistan.com” saýtynda neşir edildi.

Şeýle hem “Ata Watan Media” hökmünde Öwezmyrat Ýerbendi bilen wideo gepleşik hem taýýarlap, ony “Atavatan Youtube” kanalymyz arkaly halk köpçüligine ýetirdik. Şol gepleşigi “https://youtu.be/9J7UAyM7zDM?si=-Um3h8po6hKso0NF” linkden tomaşa edip bilersiňiz.

1955-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak obasynda doglan Öwezmyrat aganyň «Gyzyl kürte» atly hekaýasy esasynda adybir “Gyzyl kürte” kinosy surata düşürildi we ol hem daşary ýurtlarda köp sanly baýraklara mynasyp boldy.

Öwezmyrat Ýerbendi Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynda işlän döwri Atamyrat Şagulyýew bilen bilelikde teatr üçin «Derwüş ýapynjasy», «Zentalak gylyç», «Rodoguna», «Paryzdepe», «Şähryslam», «Saz we jeň» atly pýesalary ýazypdyr.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň “www.atavatan-turkmenistan.com” saýtynyň “Ýakymly ýatlamalar” bölümini alyp barýan Akgül Saparowanyň “Öwezmyrat Ýerbendi: galam ýörediliş aýratynlygy” atly makalasynda ussat ýazyjymyz barada giňişleýin maglimat berilýär.

Biz hem “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň redaksiýasy bolup, merhumyň jaýynyň jennet bolmagyny, oňa iman baýlygyny dilemek bilen, maşgalasyna, dogan-garyndaşlaryna hem-de dostlaryna  gynanç bildirýäris.

Related posts

«Çukuryň» «Wartolosy» derwezeçi boldy

Bu hepde paýtagtymyzyň tomaşa jaýlarynda

Ata Watan Eserleri

Nury Halmämmedowyň doglan güni mynasybetli festiwal geçiriler