BIZNES

Bütindünýä banky 1,2 milliard ýaş adam üçin iş orunlaryny döretmäge ünsi jemleýär

Bütindünýä banky ýakyn 15 ýylyň dowamynda kämillik ýaşyna ýetjek 1,2 milliard ýaş adamyň geljegini üpjün etmek maksady bilen, öz işini doly derejede täze iş orunlaryny döretmäge gönükdirdi.

Bu barada Bütindünýä bankynyň prezidenti Ajaý Banga Bangkokda geçirilen Halkara Pul Gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň dolandyryş edaralarynyň güýzki mejlisinde mälim etdi.

«Ýakyn 15 ýylyň dowamynda 1,2 milliard ýaş adam 18 ýaşyny doldurar. Eger olar ulalýan döwründe arassa howadan we suwdan, saglygy goraýyş hyzmatlaryndan, bilimden hem-de hünär endiklerini edinmek mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilseler, bu ýagdaý örän uly demografik artykmaçlyga öwrülip biler. Kämillik ýaşyna ýetenlerinden soň bolsa, olaryň jemgyýete peýda getirmäge we onuň öndürijilikli agzasy bolmaga mümkinçilikleri bolmalydyr» diýip, ol belledi.

Bütindünýä bankynyň ýolbaşçysy guramanyň durmuşa geçirýän ähli infrastruktura taslamalaryna — ýol gurluşygyndan başlap, mekdepleriň we saglygy goraýyş edaralarynyň açylmagyna çenli — mundan beýläk, ilkinji nobatda, täze iş orunlaryny döretmek nukdaýnazaryndan garalýandygyny nygtady.

Ol bu ugurda alnyp barylýan syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň mysaly hökmünde Singapury görkezdi. Şeýle hem Banga hususy maýanyň möhüm ornuna ünsi çekdi.

«Hökümetler zerur şertleri döredýärler, hususy pudak bolsa islendik ýurtda iş orunlarynyň 75–85 göterimini üpjün edýär. Biziň hem esasy maksadymyz hut şundan ybaratdyr» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ösüp barýan bazarlarda emeli aňyň orny baradaky soraga jogap berip, bankyň ýolbaşçysy esasy ünsüň emeli aňyň amaly taýdan ulanylmagyna gönükdirilmelidigini belledi.

«Gürrüniň esasy özeni mekdepleriň, saglygy goraýyş ulgamlarynyň ýa-da oba hojalygynyň işiniň öndürijiligini örän uly derejede ýokarlandyryp biljek amaly programmalardan ybaratdyr» diýip, Banga aýtdy.

Bütindünýä bankynyň prezidenti emeli aňyň ösüp barýan bazarlarda adamlaryň iş orunlaryny ýitirmegine sebäp bolup biljekdigi baradaky aladalaryň esaslydygyny ykrar etdi. Ol şeýle ýagdaýyň ýüze çykmagyny «mümkin, ýöne häzirlikçe subut edilmedik» diýip häsiýetlendirdi.

Onuň bellemegıne görä, «kiçi emeli aň» diýlip atlandyrylýan tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ilkinji nobatda, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň guraly bolmalydyr.

Related posts

18 Devlet Tesisi Özelleştiriliyor

vepa

Aşgabatda Eýranyň ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler

Bezosdan Obama gaznasyna 100 million dollar