BIZNES

Aşgabatda Eýranyň ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler

Şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler. Bu barada EYR-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilisi habar berdi.

Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Abbas Arbab Hales “IRNA” habarlar gullugyna beren beýanatynda, Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen sergisi Aşgabat şäherinde 15-17-nji fewral aralygynda geçiriler. Bu sergi Meşhed halkara sergi edarasy we Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň hyzmatdaşlygynda guralar.

Ilçiniň aýtmagyna görä, bu ýöriteleşdirilen sergide Eýran Yslam Respublikasynyň gurluşyk enjamlry, metal önümleri, hojalyk harytlary, azyk önümleri, sanitar-tehniki enjamlary, ýuwujy serişdeleri, senagat enjamlary we beýleki önümleri görkeziler.

Ýene-de okaň

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar