BIZNES

Hökümetara türkmen-koreý toparynyň mejlisi geçirildi

Wideo aragatnaşyk arkaly Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň nobatdaky 9-njy mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow, Koreýa Respublikasynyň wekiliýetine bolsa, bu ýurduň Söwda, senagat we energetika ministri An Dokgyn ýolbaşçylyk etdi.

Mejlisiň dowamynda ykdysadyýet, himiýa, nebitgaz, saglygy goraýyş ýaly ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlygy meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara gyzyklanma esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylýandygy abratyn bellenildi. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň ykdysady gazananlaryny nazara almak bilen, söwda, maýa goýum we ulag pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde uly mümkinçilikleriň bardygy tassyklandy.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde hem-de berkitmekde iň ýokary we ýokary derejelerdäki geçirilýän duşuşyklara uly ähmiýet berilýändigi aýratyn nygtaldy.

Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň 9-njy mejlisiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar