JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisine gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi. Aşgabat şäherindäki kaşaň “Oguzkent” myhmanhanasynda geçirilen çärä Türkmenistanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary, assosiasiýanyň agzalary, ýurdumyzdan we daşary döwletlerden atşynaslar gatnaşdylar.

“Ata Watan Media” toparynyň hem çagyrylan mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary bilen surata düşdi. Soňra assosiasiýasynyň mejlisi geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz  «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan – be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da ahalteke bedewlerine bagyşlanan ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda birnäçe çäreleriň geçirilendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisde eden çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň şan-şöhradyny dünýäde giňden wagyz etmek ugrunda giň gerimli işleriň geçirilýändigini belledi.

Şunda  Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna möhüm orun degişlidigini bellän döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda bu guramanyň dünýäniň 38-den gowrak döwletinde 213 agzasynyň bardygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Ni­der­land­lar Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Kro­nen­berg şä­he­rin­de ahal­te­ke at­la­ry­nyň ara­syn­da at­ly sport we gö­zel­lik bäs­le­şi­gi bo­ýun­ça ge­çi­ri­len dün­ýä çem­pio­na­ty geçirilmäginiň ahmiýetini belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz mejlisiň barşynda daşary ýurtly hem-de ýurdumyzyň atşynaslaryna hormatly atlaryň dakylmagy babatda birnäçe resminamalara gol çekdi.

 

Related posts

2026-njy ýylda Awazada ýokary derejeli duşuşyklar geçiriler

Oguljahan Atabaýewa  Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

Aşgabatda Magtymguly Pyraga bagyşlanan döwlet we hökümet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler