Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzyň Balkan welaýatynda alnyp barylýan işlere seredildi.
“Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişine görä, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow şu ýylyň dowamynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara forumlardyr maslahatlar we duşuşyklar barada habar berdi.
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabry: Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçiriler.
2026-njy ýylyň 9-njy oktýabry: şu ýyl Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, Awazada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň notbadaky mejlisi geçiriler. Bu ýokary derejeli duşuşyga Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýerine ýetiriji komiteti bilen taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
2026-njy ýylyň oktýabry: “Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny” atly halkara zenanlar dialogy geçiriler.
2026-njy ýylyň oktýabry: “Demokrafik prosesler we durnukly ösüş häzirki zamanyň wezipeleri hem-de halkara tejribesi” atly halkara demografiýa maslahaty geçiriler.
2026-njy ýylyň 7-nji oktýabry: “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň saglyk goraýyş hyzmatlaryna ählumumy elýeterliligi üpjün etmek we durnukly ösüş maksatlary” maslahat geçiriler.
2026-njy ýylyň 7-nji oktýabry: Hazar deňziniň ekolgoiýasy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ministrler derejesinde duşuşygy göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem Merkezi Aziýanyň we Owganystanyň gatnaşmagynda suw meseleleri boýunça ýokary derejeli duşuşygy guramak meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde bu formata gatnaşýan döwletleriň daşary işler ministrleriniň duşuşyklaryny guramak göz öňünde tutulýar.
