JEMGYÝET

Özbegistanda «Ahalteke bedewi-halklaryň dostlugynyň nyşany» atly maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň 8-nji maýynda Daşkent welaýatynyň «Yangi Toshkent Conference Hall» zalynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Özbegistanyň Atçylyk we atly sport federasiýasy hem-de «Ўзбегим отлари» atçylyk zawody bilen bilelikde « «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Çäre 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň çäklerinde guraldy. Üstümizdäki ýyl ahalteke bedewiniň türkmen halkynyň köpasyrlyk medeniýetinde we ruhy mirasynda tutýan aýratyn ornuny aýdyň görkezmek bilen, milli däp-dessurlaryň dowamatlylygyny hem-de häzirki zaman Türkmenistanyň okgunly ösüşini alamatlandyrýar. Maslahat türkmen halkynyň asyllylygy, gözelligi we köpasyrlyk atçylyk däplerini özünde jemleýän bahasyna ýetgisziz medeni-taryhy mirasy bolan ahalteke bedewlerini aýap saklamak, öwrenmek we dünýä ýaýmak meselelerine bagyşlandy.

Çärä Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, atçylyk guramalarynyň ýolbaşçylary, alymlar, seleksiýa we atçylyk ulgamynyň hünärmenleri, diplomatik korpusyň wekilleri, jemgyýetçilik işgärleri, türkmen talyplary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň açylyş dabarasynda «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory A. Berdiýew, Özbegistan Respublikasynyň sport ministri A. Ikramow we Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçisi Ş. Meredow çykyş etdiler.

Umumy mejlisiň dowamynda atçylygy we atly sporty ösdürmek, ahal-teke tohumynyň taryhy ähmiýeti, atlary köpeltmegiň we saklamagyň döwrebap usullary, şeýle hem ahalteke bedewiniň halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy we sport diplomatiýasyny berkitmekdäki orny ýaly meselelere garaldy. Ahalteke bedewleriniň üýtgeşik genofonduny aýap saklamak we bu ugurda ylmy hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Maslahata gatnaşyjylar türkmen halkynyň milli gymmatlygy we Merkezi Aziýanyň umumy medeni mirasynyň möhüm bölegi bolan ahal-teke bedewiniň sebitiň halklarynyň arasyndaky dostlugyň, özara düşünişmegiň we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň nyşany bolup hyzmat edýändigini bellediler. Şeýle çäreleriň geçirilmeginiň özbek-türkmen gatnaşyklaryny berkitmäge, ylmy-bilmenler gepleşigini ösdürmäge we baý atçylyk däplerini halkara derejesinde wagyz etmäge ýardam edýändigi nygtaldy.

Ýene-de okaň

Ýaponiýada Türkmenistan üçin talyp haklary mümkinçiliklerini giňeltmek maslahatlaşyldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazanda möhüm başlangyçlary öňe sürdi

Aşgabat 2028-nji ýylda yslam dünýäsiniň medeni paýtagty bolup biler

Türkmenistan “Russiýa-Yslam dünýäsi Hyzmatdaşlyk Expo” sergisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy zenanlaryň ikinji Aziýa forumyna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazanda YHG-nyň medeniýet ministrleriniň maslahatyna gatnaşdy