BILIM

Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny açylar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim babatda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleri yzygiderli dowam etdirmek we syýasy-diplomatik taýdan uly ähmiýetli parahatçylyk hem-de bitaraplyk ugurlary boýunça ylym-bilimi ösdürmek, halkara gatnaşyklarda ýurdumyzyň bähbitlerine mynasyp wekilçilik edip biljek ýokary bilimli diplomatik işgärleri taýýarlamak, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny açmak bellenildi hem-de şu institutyň gurluşy tassyklanyldy.

Parahatçylyk we bitaraplyk boýunça ýokary diplomatik okuw mekdebini döretmek baradaky örän ähmiýetli bu başlangyjy ilki milli derejede amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan degişli teklipler taýýarlanyldy.

Hususan-da, ilkinji ädim hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny döretmek hem-de bu kafedrada 2026-2027-nji okuw ýylyndan başlap magistrleri okatmak teklip edilýär.

Täze dörediljek kafedra tarapyndan Halkara gatnaşyklary instituty bilen BMG-niň Kosta-Rikadaky Parahatçylyk uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamany baglaşmak meselesini öwrenmek teklip edilýär.

Related posts

Talyp-2022:Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginiň Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ilkinjisi dünýäniň ähli uniwersitetleriniň sanawyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Talyp-2022: Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti

Ata Watan Eserleri