JEMGYÝET

Oguljahan Atabaýewa  Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary ýurdumyza saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyna baryp gördüler.

Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory we wekiliýet agzalary bilen duşuşygy boldy.

O.Atabaýewa dostlukly ýurduň wekiliýetini türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýdyp, myhmany mynasyp bolan ylmy derejesi hem-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylmagy bilen gutlady. Gaznanyň wise-prezidenti iki ýurduň lukmançylyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň arasynda Türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmeginiň taryhy ähmiýetiniň bolandygyny belläp, bu wakalaryň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiniň hil taýdan täze derejä çykýandygyny görkezýändigini aýtdy.

Myhman Türkmenistanda saparda bolmagyň çäklerinde dünýäde asylly işleri amala aşyrýan gazna hökmünde ykrar edilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti bilen duşuşyp, degişli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, munuň üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

O.Atabaýewa bu duşuşygyň Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky ynsanperwer ugurly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirip, ýurtlarymyzy dostluk we birek-birege ynanyşmak, hormat goýmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny nygtady.

Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine tarap ugradylar. Myhmanlar ýolugra merkeziň çäginde dürli oýunlara güýmenýän çagalaryň şatlykly pursatlaryny synladylar. Munuň özi ýurdumyzda çagalaryň saglygynyň berkidilmegi ugrunda edilýän tagallalaryň oňyn netijeleri berýändigini görkezýär.

Hytaýly myhmanlar Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine hem baryp görüp, bu ýerde alnyp barylýan işler, atçylyk sirkiniň özboluşlylygy, çagalaryň daýanç-hereket ediş synalaryny berkitmekde at üstündäki hereketleriň, ippoterapiýanyň aýratynlyklary bilen tanyşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Din Sýuesýan bilen duşuşdy

Oguljahan Atabaýewa Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Türkmenistana geldi

BMG Merkezi Aziýany dünýäniň geljegi uly syýahatçylyk sebitleriniň biri diýip atlandyrdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Serhetleriň howpsuzlygy boýunça Bütindünýä kongresine gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

“Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçirilýär