JEMGYÝET

146 daşary ýurt raýatyna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama gowşuryldy

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň mejlisler jaýynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken ynsanperwer Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda ýaşaýan daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Dabaranyň dowamynda bellenilişi ýaly, ynsanperwer ugur ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygydyr. Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylygymyz we halkara kadalar esasynda ýurdumyzda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, bähbitlerini goramak we kepillendirmek üçin uly işler durmuşa geçirilýär.

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny toýlaýan günlerimizde 146 sany daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalaryň berilmegi asylly ynsanperwer işleriň hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda yzygiderli we üstünlikli dowam etdirilýändigini äşgär edýär.

Related posts

Preparations to the World Sambo Championship

vepa

Aşgabat «Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe» formatyndaky sammiti geçirmäge taýýar

Aziýa oýunlarynda ilkinji gün : Türkmenistan 37 medal gazandy

vepa