SPORT

“Arkadag” topary “Al Muharrak” topary bilen duşuşýar

“Arkadag” topary öz meýdançasynda Bahreýniň “Al Muharrak” toparyny kabul edýär. Futbol janköýerleri üçin hakyky baýramçylyga öwrüljek bu duşuşyk “Arkadag” toparynyň Aziýanyň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan AFK Çempionlar ligasy-2 ýaryşynyň çäklerindäki ilkinji duşuşygy bolar.

Duşuşyk ertir, ýagny 15.09.2026 senesinde Aşgabat wagty bilen 18:45-de başlanar. Geçirilýän ýeri: Arkadag şäheriniň 10 000 orunlyk stadiony.

Bu abraýly ýaryşda “Arkadag” topary “B” toparçasynda BAE-niň «Al-Jazira», Eýranyň «Gol Gohar» we Bahreýniň «Al-Muharrak» klublary bilen bilelikde çykyş edýär.

Related posts

Ilkinji milliarder futbolçy

Ata Watan Eserleri

“Formula 1” 70 ýaşynda

Ata Watan Eserleri

Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty Bahreýnde geçiriler