SPORT

“Formula 1” 70 ýaşynda

70 ýyl ozal, 1950-nji ýylyň 13-nji maýynda Silwerstounda ilkinji Gran Pri ýaryşy geçirildi.

Beýik Watançylyk urşundan öň hem milli awtoulag federasiýalary Gran Pri ýaryşlarynyň meşhurlygynyň artdyrmak üçin täze teklipler hödürläpdiler. Ýöne olar başa barmandy. 1949-njy ýylyň ahyrynda täze döredilen “FIA” edarasy 1950-nji ýylda 4,5 litr hereketlendirijili ýa-da 1,5 litrlik güýçli hereketlendirijili awtoulaglar üçin ilkinji “Formula A” dünýä çempionatynyň geçiriljekdigini habar berdi. Ilkinji tapgyr 13-nji maýda Londonyň demirgazyk-günbataryndaky öňki Silwerstoundaky howa menzlindäki meýdançada geçirildi. Ine, şonda awtoulaglaryň ýaryşy peýda boldy we ýyllaryň geçmegi bile ol “Formula 1” diýlip atlandyryldy.

Ilkinji ýaryşy Onuň Alyhezreti Patyşa Georg IV, şa zenany Ýelizaweta we olaryň maşgala agzalary hem tomaşa etdi. Umuman, bu ýaryşda iňlis sürüjilere ýeňiş gazanmak başartmady. Birinjiligi Italiýanyň “Alfa Romeo 158” kysymly ulagy eýeledi. Juzeppe Farina ýeňiş gazandy.

Birinji ýaryşa gatnaşanlaryň hiç biri hem häzirki wagtda aramyzda ýok.

Ýene-de okaň

Kabo-Werdeniň derwezeçisi “Instagramda” 5,5 milliona yzarlaýja ýetdi

Erwe Renar dünýä çempionatynda Tunisiň ýygyndysyna tälim berer

Dünýä çempionatynyň 2-nji zenan emini

Tunis çempionat döwründe baş tälimçisini wezipesinden boşatdy

Mark Kukurella “Real Madrid” toparyna geçdi

Dünýä çempionaty: Germaniýa Kýurasaony 7:1 hasabynda utdy