SPORT

Messiniň täze keşbi

Ispaniýanyň «Barselona» toparynyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi birnäçe ýyldan bäri ösdürip gelýän sakgalyny aýryp, täze keşbe geldi. Dünýä belli ýyldyzyň täze keşbini onuň ýekelikdäki türgenleşik geçýän pursatlarynda görmek boldy. Ispaniýada karantina çäreleri gowşadylyp, futbolçylara ýekelikde türgenleşik geçmäge mümkinçilik berildi.

Messi türgenleşiklere täze keşbi bilen geldi. Ol täze suratlaryny “Instagram” jemgyýetçilik torundaky hasabynda goýdy.

32 ýaşly Messi “Barselona” toparynyň ýetişdiren futbolçysy. Bu toparyň köýnekçesi bilen dürli ýaryşlarda 718 duşuşykda çykyş edip, 627 gezek tapawutlanmagy başardy. Ol Ispaniýanyň 10 gezek çempiony, Ispaniýanyň kubogynyň 6 gezek eýesi, Ispaniýanyň Naýbaşy kubogynyň 8 gezek eýesi, Çempionlar ligasynyň 4 gezek ýeňijisi, UEFA-nyň Naýbaşy kubogynyň 3 gezek ýeňijisi, 2014-nji ýylyň dünýä çempionatynyň finalçysy, “Altyn pökgi” baýragynyň 6 gezek hem-de “Altyn aýakgap” baýragynyň 6 gezek eýesidir.

Ýene-de okaň

Messiniň çempionatda 8 goly bar, Ronaldonyň ähli dünýä çempionatlaryndaky gol sany 7

Arbeloa «Fulhemiň» baş tälimçisi boldy

Şweysariýa çärýek finalda Argentina bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina 1/4 finala çykdy

Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Kolumbiýada altyn we kümüş medallar gazandy

Belgiýa ABŞ-ny ýeňip, 1/4 finala çykdy

Ata Watan Eserleri