SPORT

Maradona bilen adygan pökgi satyldy

Meşhur we merhum argentin futbolçysy Diego Maradonanyň 1986-njy ýylda Angliýanyň derwezesinden geçiren pökgüsi auksionda 2,4 million dollara satyldy. Bu barada “BBC” teleýaýlymy habar berdi.

Şol duşuşykda Maradonanyň eli bilen geçiren goly futbol taryhyna giripdi. Ol “Taňrynyň eli” bilen meşhurlyk gazanypdy.

“Graham Budd” britan auksion öýünde şol duşuşykda oýnalan pökgi satuwa çykaryldy. Bu pökgi 2,4 million dollara satyn alyndy we pökgüniň satyn alan adamyň ady agzalmaýar.

Şol duşuşykdan soňra bu pökgüni duşuşygyň emini tunisli Ali Bin Nasser alypdy. Emin Nasser şol pökgüni satdy. Ol bu pökgüniň jemgyýetçiligine görkeziljekdigini mälim etdi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň maýynda Maradonanyň şol duşuşykda geýen futbol köýnekçesi hem 9,3 million dollara satylypdy. Şonda sport harytlaryny satmakda rekord goýlupdy.

Related posts

Iň köp gazanýan zenan türgenler

Ata Watan Eserleri

“Spartak” topary Russiýanyň Kubogyny gazandy

SSKA topary Russiýanyň Superkubogyny gazandy

Leave a Comment