BIZNES

Eýranyň nebit firmalary Türkmenistandaky sergä gatnaşar

Eýran Yslam Respublikasynyň nebit kompaniýalary şu ýylyň dekabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda gurnajak sergisine işjeň gatnaşar. Bu barada “Shana” habarlar gullugy habar berdi.

Neşiriň habar bermegine görä, Eýran Yslam Respublikasy 4 ýyldan soňra Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda dekabr aýynyň ortalarynda ýöriteleşdirilen sergi gurnar.

Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklar iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň saparlary hem has-da işjeňleşdi. Mälim bolşy ýaly, ýurtlaryň arasynda tebigy gaz alyş-çalyş (swop) ylalaşygy gazanyldy.

Bu sergide Eýranyň nebit kompaniýalarynyň işjeň gatnaşyp, öz mümkinçiliklerini görkezjekdigi bellenildi.

Aşgabat şäherinde geçiriljek sergä Eýranyň nebithimiýa, tehniki enjamlary öndürýän kompaniýalaryň, döwlete degişli we döwlete dahylly bolmadyk firmalaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

Related posts

2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy: täze awtomobil ýollary gurlar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’da sınırsız İnternet’te kampanya

vepa

Rifat Hisarjyklyoglu Bütindünýä palatalar federasiýasynyň başlygy wezipesine saýlandy

Leave a Comment