SPORT

Türkmenistanly zenan emin ilkinji halkara ýaryşyna gatnaşar

Şu ýylyň fewral aýynda AFK-nyň eminleriniň sanawyna goşulan Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň emini Kristina Bersenýowa ilkinji halkara ýaryşyna gatnaşar.

Ildeşimiz zenanlar ýygyndy toparlarynyň arasyndaky Aziýanyň Kubogy-2026-nyň saýlama ýaryşynyň “H” toparçasynyň çäginde geçirilýän oýunlarda eminiň kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetirer.

Ýeri gelende bellesek, “H” toparçanyň (Täjigistan, Koreýa Halk Demokratik Respublikasy, Malaýziýa, Palestina) duşuşyklary 29-njy iýun bilen 5-nji iýul aralygynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilýär.

Türkmenistanly zenan emin 2-nji tapgyryň çäginde geçiriljek duşuşykda – Palestinanyň hem-de Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň ýygyndy toparlarynyň arasyndaky oýunda eminiň kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetirer.

Related posts

Finlýandiýa – dünýä çempiony

Ata Watan Eserleri

9-njy çempionlygyny yglan etdi

2022 Olimpiýa oýunlarynyň alawy ýakyldy