SPORT

Türkiýäniň futbol çempionaty Russiýanyň teleýaýlymlarynda görkeziler

Russiýa Federasiýasynyň sport teleýaýlymynda ilkinji gezek Türkiýe Respublikasynyň futbol çempionatynyň duşuşyklaryna orun berler. Bu barada rus metbugatynda habar berilýär.

Tükriýäniň “Superliga” milli çempionatynyň duşuşyklaryny ýaýlyma bermek hukugyna Russiýanyň “Futbol” teleýaýlymy eýe boldy. Şeýlelikde, 2022-2023-nji hem-de 2023-2024-nji ýylyň möwsümlerinde Türkiýäniň ýokary ligasynyň her tapgyryndan 4 duşuşyk rus teleýaýlymynda futbol muşdaklaryna ýetiriler.

Mälim bolşy ýaly, Türkiýänyň futbol çempionaty 5-nji awgustda badalga alýar. Çempionatyň 1-nji tapgyrynda “Futbol” teleýaýlymynda “Istanbulspor” – “Trabzonspor”, “Antalýaspor” – “Galatasaraý” we “Fenerbahçe” – “Umraniýespor” futbol duşuşyklaryna tomaşa etmek mümkinçiligi döreýär.

Soňky ýyllarda rus futbolçylary hem Türkiýäniň futbol toparlarynda çykyş edip ugrady. Russiýaly goragçy Fedro Kudrýaşow “Antalýaspor” toparynda, şu tomusda trasfer bolan Magomed Ozdoýew “Fatik Karagümrük” toparynda çykyş edýär.

Related posts

Aziýa Kubogy-2027: Türkmenistan Şri-Lankany 2:1 hasabynda utdy

Ata Watan Eserleri

Mahaçew hem rekord goýdy hem-de çempionlyk guşagyny gazandy

Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Meksikanyň Prezidentine meksikaly gyzjagaz wekilçilik eder