SPORT

Türkmenistanyň «CAFA Nations Cup-2025» halkara ýaryşyndaky garşydaşlary belli boldy

3-nji iýulda geçirilen bije çekişligiň netijesinde, Türkmenistanyň milli ýygyndy topary «A» toparçada Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Omanyň milli ýygyndylary bilen güýç synanyşmaga mümkinçilik aldy. «B» toparça Täjigistanyň, Eýranyň, Owganystanyň hem-de Malaýziýanyň milli ýygyndy toparlary özaralarynda bäsleşerler.

«CAFA Nations Cup-2025» halkara ýaryşynyň şu ýylyň 29-njy awgusty bilen 8-nji sentýabry aralygynda Özbegistanyň Daşkent hem-de Täjigistanyň Duşenbe şäherlerinde geçirilmegine garaşylýar. «A» toparçanyň duşuşyklary Daşkent, «B» toparçanyň duşuşyklary bolsa Duşenbe şäherlerinde geçiriler.

Ýurdumyzyň milli ýygyndy topary halkara ýaryşyndaky birinji duşuşygyny 30-njy awgustda Gyrgyzystanyň ýygyndy toparynyň garşysyna geçirer. Milli ýygyndymyzyň ikinji garşydaşy Özbegistanyň ýygyndy topary bolar. Bu duşuşyk 2-nji sentýabrda geçiriler. 3-nji tapgyryň duşuşygyny 5-nji sentýabrda geçirýän Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň garşydaşy Omanyň ýygyndy topary bolar.

Ýaryşyň düzgünnamasyna laýyklykda, toparçalaryň ýeňijileri finalda, ikinji orny eýelän ýygyndylar bolsa üçünji orun ugrunda güýç synanyşarlar.

Halkara ýaryşynyň final hem-de üçünji orun orun ugrundaky duşuşyklary 8-nji sentýabrda geçiriler.

Ýene-de okaň

“Nýu-Ýork” 53 ýyldan soňra NBA-nyň çempiony boldy

Dünýä çempionaty: Türkiýe utuldy, Braziliýa deňme-deň oýnady

Dünýä çempionaty: ABŞ-nyň ýygyndysy rekord bilen başlady

Dünýä çempionaty başlady: Meksika we Günorta Koreýa ýeňiş gazandy

“Forbes”: dünýä çempionatyna gatnaşýan iň köp girdeji gazanýan 11 futbolçy

Dünýä çempionaty: 22 dünýä çempionatyny 43.9 million janköýer tomaşa etdi