SPORT

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

4-nji aprelde  ýurdumyzyň futbol çempionatynyň nobatdakysyna badalga berler. Dört aýlawdan ybarat bolan futbol çempionatymyzda toparlaryň sekizisi (“Arkadag”, “Ahal”, “Altyn Asyr”, “Şagadam”, “Nebitçi”, “Aşgabat”, “Merw”, “Köpetdag”) çykyş eder.

Futbol çempionatymyzyň birinji hem-de ikinji aýlawlarynyň duşuşyklary 2026-njy ýylyň 4-nji apreli bilen 20-nji iýuny aralygynda dowam eder. Üçünji we dördünji aýlawyň duşuşyklary futbol çempionatynyň ikinji ýarymynda geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, geçen möwsüm “Arkadag” toparynyň çempionlygy bilen tamamlanypdy. “Ahal” topary ikinji, paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary  bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular.

Bellik: Türkmenistanyň futbol çempionatynyň birinji hem-de ikinji aýlawlarynyň senenamasyny çap edýäris.

 

2026-njy ýylyň Ýokary liga futbol klublarynyň arasyndaky futbol 

boýunça Türkmenistanyň Çempionatyna we Kubogyna gatnaşýan toparlar:

 

1. “ARKADAG” futbol kluby Arkadag şäheri
2. “Ahal” futbol kluby hojalyk jemgyýeti Ahal welaýatynyň Änew şäheri
3. “Altyn Asyr” futbol kluby hojalyk jemgyýeti Aşgabat şäheri
4. “Şagadam” futbol kluby Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheri
5. “Merw” bedenterbiýe-sport futbol kluby Mary welaýatynyň Mary şäheri
6. “Aşgabat futbol kluby”

hojalyk jemgyýeti

Aşgabat şäheri
7. “Nebitçi” futbol kluby Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheri
8. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky “Köpetdag” sport toplumynyň “Köpetdag” futbol kluby Aşgabat şäheri

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy