Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
 Hamallar üçin çalt çözgüt talap edýän ýagdaýlaryň köpeljek güni bolup biler. Birnäçe işi bir wagtda ýerine ýetirmek zerurlygy ýüze çyksa-da, olaryň arasynda ileri tutulýanlaryny dogry kesgitlemek üstünlik gazanmaga ýardam eder. Iş bilen bagly garaşylmadyk teklip gelmegi mümkin. Täze başlangyç barada gürrüň edilse, onuň geljekdäki netijelerini öňünden seljermek peýdaly bolar. Maliýe meselesinde şu gün uly töwekgelçiliklere ýüz urmak maslahat berilmeýär.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Sowurlar üçin  esasy üns durnuklylygy saklamaga gönükdiriler. Öňden başlan işleriň arasynda ahyrky tapgyra gelenleriniň biri barada oňyn habar eşidilmegi mümkin. Käbir meseleleriň çözgüdi garaşylandan has ýönekeý bolup çykar. Kärdeşleriň biri bilen pikir alyşmak täze maglumatlaryň üstüni açyp biler. Pul serişdelerini ýerlikli peýdalanmak şu günüň möhüm meseleleriniň biri bolar. Gerekmejek zatlara çykdajy etmegiň deregine, öňde duran zerurlyklary göz öňünde tutmak has dogrydyr. Maşgala agzalarynyň biri bilen aradaky gatnaşykda ýylylyk artar. Öýde ýakymly bir habar ýa-da kiçijik şatlyk günüňize özboluşly öwüşgin berip biler. Öňden meýilleşdirilen dynç alyş ýa-da gezelenç barada gürrüň açylmagy hem ähtimal. Günüň ahyrynda eden işleriňiziň netijesini görüp, özüňizi kanagatlanarly duýarsyňyz.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Jöwzalaryň köpüsini şu gün täze maglumatlar we gyzykly duşuşyklar gurşap biler. Telefon arkaly ýa-da ýüzbe-ýüz geçiriljek söhbetdeşlikleriň biri garaşylmadyk mümkinçilik bilen bagly bolup biler. Şol sebäpli möhüm gürrüňlerde jikme-jiklikleri ünsden düşürmezlik gerek. Iş ýerinde çalt pikirlenmek ukybyňyz kyn ýagdaýdan çykalga tapmaga kömek eder. Döredijilik bilen bagly işler aýratyn gowy ilerläp biler. Şahsy býujet barada gürrüň edilende, häzirki isleg bilen geljekki meýilnamanyň arasynda deňagramlylyk saklamak zerurdyr. Dostlaryňyzyň birinden uzak wagt bäri garaşan habaryňyzy alyp bilersiňiz. Gatnaşyklarda artykmaç soraglaryň deregine ynam bildirmek has gowy netije berer. Özüňize gyzykly görünýän täze ugur barada maglumat ýygnamak üçin hem wagt tapylar. Günüň soňunda köp sanly täsirleriň arasynda iň ähmiýetli bolanlaryny saýlap bilersiňiz.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Seretanlaryň üns merkezinde bu gün maşgala we öý bilen bagly meseleler bolar. Ýakynlaryň biriniň ýagdaýyna düşünmek we onuň bilen wagt geçirmek zerur bolup biler. Ýürekden edilen söhbet öňden bäri dowam edýän ownuk nägileligi aradan aýyrmaga şert döreder. Işde bolsa günüň birinji ýarymynda sabyrlylyk gerek bolar. Göz öňünde tutulmadyk üýtgeşiklik meýilnamalaryňyza täsir etse-de, ýagdaýy çalt kabul edip bilersiňiz. Maliýe babatda öňden gelýän meýilnamaňyza eýermek has ygtybarlydyr. Şahsy durmuşda mähirli hereketleriň ähmiýeti sözlerden has uly bolup biler. Günüň ikinji ýarymynda size ýakymly bir ýatlama ýa-da duşuşyk ruhuňyzy göterer.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Esetler  üçin öz mümkinçiliklerini görkezmäge ýardam edýän ýagdaýlary döredip biler. Işde ýa-da jemgyýetçilik gurşawynda öňe çykan teklibiňize oňyn garaýyş bildirilmegi ähtimal. Şeýle pursatda diňe öz pikiriňizi däl, beýleki adamlaryň tekliplerini hem diňlemek peýdaly bolar. Başlanan işiň netijesi siziň garaşyşyňyzdan has tiz görünip biler. Maliýe meselesinde özüňize artykmaç ynam bildirmekden gaça duruň. Bir gezeklik isleg bilen uzak möhletli zerurlygyň tapawudyny göz öňünde tutmak maslahat berilýär. Şahsy gatnaşyklarda ýakyn adamyňyza has köp üns bermek gowy netije berer. Öňden bäri garaşýan duşuşygyňyz ýa-da habarlaşygyňyz amala aşyp biler.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Sünbüleler üçin bu gün jikme-jikligi talap edýän işler bilen bagly bolar. Resminamalar, hasaplamalar ýa-da öňden galan borçlaryň biri aýratyn üns bermegiňizi talap edip biler. Kiçijik ýalňyşlygyň soňra goşmaça iş döredip biljekdigini göz öňünde tutup howlukmazdan barlag geçirmek ýerliklidir. Işde tertipliligiňiz başgalaryň hem ünsüni çeker. Täze bir wezipe ýa-da jogapkärçilik teklip edilse, onuň şertlerini anyklamakdan çekinmäň. Pul meselesinde tygşytlylygyň netijesini ýakyn wagtda duýup bilersiňiz. Şahsy durmuşyňyzda bolsa aşa köp pikirlenmekden döreýän şübhelerden daşda durmak gerek. Ýakyn adamyňyzyň hereketlerine oňyn tarapdan garamaga synanyşyň.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Mizanlar üçin şu günüň esasy aýratynlygy  saýlawlaryň köpelmegi bolup biler. Iş ýa-da şahsy durmuş bilen bagly birnäçe teklibiň arasynda karar bermeli bolmagyňyz mümkin. Şolaryň ählisine birbada razylyk bermekden öň wagtyňyzyň we mümkinçilikleriňiziň çägini hasaplamak gerek. Kärdeşleriň ýa-da dostlaryň arasynda sizi dogry ugra gönükdirip biljek adam tapylar. Maliýe meselesinde bolsa ýagdaýy duýgular däl-de, anyk sanlar arkaly bahalandyrmak has dogrydyr. Şahsy gatnaşyklarda ýakymly söz ýa-da garaşylmadyk sowgat keýpiňizi ýokarlandyryp biler. Öňden dowam edýän bir gürrüňiň ahyrynda özara düşünişmek mümkinçiligi artar. Şeýle hem ýakyn wagtda amala aşyrjak meýilnamaňyz üçin ilkinji ädimi şu gün edip bilersiňiz. Günüň ahyrynda özüňiz üçin iň möhüm bolan maksady saýlap, galan zatlary soňraky wagta goýmak ýeňillik getirer.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Akraplaryň käbirleri üçin möhüm kararyň öňüsyrasy bolup biler. Bir meseläniň daşyndan dürli pikirleriň aýdylmagy ahyrky netijä gelmegi birneme kynlaşdyrar. Şeýle ýagdaýda daşardan gelýän täsirlere däl-de ygtybarly maglumatlara daýanmak maslahat berilýär. Işde gizlin galan bir ýagdaýyň aýdyňlaşmagy mümkin. Maliýe babatda şertleri doly düşündirilmedik tekliplere seresap çemeleşiň. Ýakyn adamlaryň biri bilen gatnaşyklarda ýüze çykyp biljek sowuklyk açyk söhbet arkaly ýeňilip bilner. Özüňiziň hem duýgularyňyzy gizlemekden köp peýda ýok. Günüň ikinji ýarymynda garaşylmadyk duşuşyk ýa-da habar meýilnamalaryňyza üýtgeşiklik girizip biler.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Kowuslaryň täze zatlara bolan gyzyklanmasy şu gün has-da güýçlenip biler. Öň hiç wagt üns bermedik bir ugur barada maglumat almak geljekdäki meýilnamalaryňyza täsir eder. Syýahat, okuw ýa-da täze hünär bilen bagly mümkinçilikler hakynda pikirlenmek üçin amatly wagt. Işde adaty tertipden çykyp, başgaça usul ulanmak gowy netijä getirip biler. Şeýle-de bolsa, wada beren işleriňizi ýatdan çykarmakdan ägä boluň. Maliýe ýagdaýyňyzda uly üýtgeşiklik bolmasa-da, goşmaça girdeji barada pikir peýda bolup biler. Dostlaryň arasynda geçiriljek söhbet size täze pikir berer. Söýgi gatnaşyklarynda bolsa erkinlik meselesine düşünmek möhüm bolar. Bir-biriňize ynam bildirmek gatnaşyklary has rahat ýagdaýda saklar.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Jedi  ýyldyzynyň wekilleri bu gün uzak möhletli maksatlaryna has çynlakaý çemeleşip bilerler. Häzirki wagtda edýän zähmetiňiziň netijesi dessine görünmese-de, geljekde onuň ähmiýetiniň artjakdygyna düşünersiňiz. Işde ýolbaşçylyk ýa-da möhüm jogapkärçilik bilen bagly mesele gündeme gelip biler. Borçlaryňyzy wagtynda ýerine ýetirmek abraýyňyzy has-da berkider. Maliýe babatda uly çykdajyny meýilleşdirýän bolsaňyz, ähli mümkinçilikleri öňünden deňeşdirmek maslahat berilýär. Maşgalaňyzda siziň kömegiňize garaşýan adam bolup biler. Onuň haýyşyna wagt tapmak gatnaşyklaryňyza oňyn täsir eder. Şahsy durmuşda çynlakaý bir mesele barada geljekki meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşylyp bilner.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Daluwlar üçin adaty gün tertibine täze öwüşgin goşup biler. Garaşylmadyk duşuşyk ýa-da başga biriniň aýdan pikiri siziň öňki garaýşyňyzy üýtgedip biler. Täzeliklere açyk bolmak bu gün size artykmaçlyk berer. Iş ýerinde tehniki ýa-da döredijilikli meseleleriň biri boýunça aýratyn çözgüt tapyp bilersiňiz. Başgalaryň üns bermedik jikme-jikliklerini görmek ukybyňyz peýda getirer. Maliýe babatda bolsa geljegi bolmadyk taslamalara wagt ýa-da serişdeleri sarp etmekden saklanmak zerurdyr. Dostlukly gatnaşyklarda uzak wagt bäri görülmedik adam bilen habarlaşmak mümkin. Söýgi durmuşynda garaşylmadyk bir hereket gowy täsir galdyrar. Günüň dowamynda täze meýilnama dörese, ony derrew amala aşyrmaga däl-de, ilki ýazyp we tertipleşdirip görmäge çalşyň.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Hutlar üçin daş-töweregindäki adamlaryň niýetlerine has içgin düşünmäge mümkinçilik berýän gün bolup biler. Ýöne diňe duýgyňyza daýanmak bilen möhüm netijä gelmek dogry bolmaz. Iş bilen bagly ýagdaýda siziň sabyrlylygyňyz aýratyn ähmiýete eýe bolar. Bir işiň gijikmegi onuň başa barmajakdygyny aňlatmaýar. Käbir meseleler üçin diňe goşmaça wagt gerek bolup biler. Maliýe babatda özüňize gerek bolmadyk borçlary kabul etmezlik has ýerliklidir. Ýakyn adamyňyz bilen gürrüňdeşlik wagtynda ýüregiňizde galan bir meseläni açyp bilersiňiz. Bu söhbet gatnaşyklaryňyzda täze bir düşünjäniň döremegine getirer. Günüň ikinji ýarymynda döredijilik ýa-da halaýan işiňiz bilen meşgullanmak ruhy taýdan ýeňillik berer. Agşam bolsa indiki günüň meýilnamasyny arkaýyn ýagdaýda düzmek üçin amatly mümkinçilik taparsyňyz.
Hormatly okyjylarymyz!