Şu gün Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň “Berkarar” myhmanhanasynda Hazar deňziniň güni mynasybetli «Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Maslahata gatnaşan Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani çykyş edip, bu maslahatyň ähmiýetini belledi hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazar deňzi we ony goramak meselelerine aýratyn üns bermegi, bu ugurdaky ygrarlylygy hem-de tagallalary uly hormata mynasypdygyny belledi.

Ýigrimi ýyl mundan ozal, hut şu gün, kenarýaka bäş döwletiň Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça öz üstüne alan borçnamalary durmuşa geçirilip başlandy we ony gorap saklamak, goramak hem-de geljekki nesillere howpsuz ýagdaýda ýetirmek boýunça bäştaraplaýyn ylalaşyk emele geldi. Hazar deňzi kenarýaka sebitleriň ýaşaýjylary üçin girdeji we eklenç çeşmesi bolmak bilen, bäş kenarýaka döwletiň halklarynyň dostlugynyň we abadançylygynyň dowam etmeginde möhüm hem-de durnukly orun eýeleýär, diýip ilçi belledi.
Ilçi Eýran Yslam Respublikasynyň Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramaga we Tähran konwensiýasynyň çäklerindäki bäştaraplaýyn ylalaşyklara ygrarlylygyndan ugur alyp, 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Tähranda Tähran konwensiýasynyň Taraplarynyň ýedinji maslahatyny geçirmäge taýýardygyny belläp geçdi.
Şeýle hem ilçi Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowyň Hazar deňziniň daşky gurşawy boýunça Ýörite sammit geçirmek baradaky başlangyjyna ýokary baha berýändigini aýtdy.
Bu maslahata Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň wekilleri, şeýle hem daşary ýurtly ilçiler hem-de halkara we sebit guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdy.
