JEMGYÝET

Türkmen ilçisi GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Moskwadaky edarasynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi Esen Aýdogdyýew bilen GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäginde integrasiýa hyzmatdaşlygyna gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen birlikde, taraplar şu ýyl geçiriljek bilelikdäki çäreleriň tertibine seredip geçdiler. Hususan-da, S.Lebedew GDA-nyň Hemişelik wekiller geňeşiniň we GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň Ykdysady meseleler boýunça komissiýasynyň şu ýylyň ýanwar aýynda Minskde geçiriljek mejlisleriniň gün tertibi barada durup geçdi. Bu duşuşyklrada Russiýa Federasiýasynyň GDA-da başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hödürlenjekdigi bellenildi.

Related posts

`Atavatan Türkmenistan` Dergisi’nden Dünya Sağlık Günü’ne anlamlı katkı

vepa

Video Konferans Toplantısı: Ekonomik Kalkınma ve Asya Oyunları Hazırlıkları

vepa

Dünýä çempiony bolan türgenler “Toyota Fortuner” kysymly awtomobil bilen sylaglandy

Ata Watan Eserleri