SPORT

Kristiano Ronaldo öýlendi

Bäş gezek «Altyn top» baýragynyň eýesi we futbol taryhynyň iň köp gol geçiren oýunçysy Krıstıano Ronaldo Jorjina Rodriges bilen durmuş gurdy. Ol bu barada özüniň Instagram sahypasynda habar berdi.

Futbolçy Rodriges bilen 2016-njy ýyldan bäri bilelikde ýaşaýar, olaryň bile bolan döwründe iki çagasy dünýä indi. Olaryň nika toýy Portugaliýada geçirildi hem-de oňa köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri goýberilmedi.

Ronaldo 41 ýaşynda. Ol Çempionlar ligasynyň bäş gezek ýeňijisi, Ýewropa çempiony we Milletler ligasynyň iki gezek ýeňijisidir. Şeýle hem ol milli ýygyndylaryň, Ýewropa çempionatlarynyň, Çempionlar ligasynyň we klublaryň arasynda geçirilýän dünýä çempionatlarynyň taryhynda geçirilen gollaryň sany boýunça rekordlara eýedir.

Futbolçy 2022-nji ýylyň dekabryndan bäri Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubynda çykyş edýär. Karýerasynyň dowamynda hüjümçi Portugaliýanyň «Sporting», Angliýanyň «Mançester Ýunaýted», Italiýanyň «Ýuwentus» we Ispaniýanyň «Real Madrid» klublarynda hem oýnady.

Related posts

Benzema Puşkaşy geçdi

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Zidan Fransiýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi boldy