DÜNÝÄ

Rebeka Grinspan BMG-niň ilkinji zenan ýolbaşçysy bolup biler

Kosta-Rikaly diplomat we ýurduň ozalky wise-prezidenti Rebeka Grinspan Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş sekretary wezipesine esasy dalaşgärleriň birine öwrüldi. Ol saýlanan ýagdaýynda, gurama ýolbaşçylyk etjek ilkinji zenan bolar.

“The Guardian” gazetiniň habar bermegine görä, häzirki wagtda Grinspan BMG-niň Söwda we ösüş boýunça maslahatyna (ÝUNKTAD) ýolbaşçylyk edýär.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde geçirilen deslapky ses berlişikde ol 10 “goldaw”, 4 “bitarap” we 1 “garşy” ses aldy. Onuň iň ýakyn bäsdeşi, Gaýananyň BMG-däki öňki hemişelik wekili Kerolaýn Rodriges-Berkett 9 “goldaw” sesini toplady.

BMG-niň häzirki Baş sekretary Antoniu Guterreş ikinji möhletini 2026-njy ýylyň 31-nji dekabrynda tamamlaýar.

Saýlawlaryň netijelerine oktýabr aýynda garaşylýar.

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýeti Günorta gaz geçelgesiniň Maslahat beriş geňeşiniň çägindäki 11-nji ministrler mejlisine gatnaşdy

Türkmen-rus parlamentara dostluk toparlarynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy

Tokaýew: Merkezi Aziýa taryhyndaky iň üstünlikli döwrüni başdan geçirýär