DÜNÝÄ

Pyýadalara jübi telefonlaryny ulanmak gadagan

Polşada pyýada geçelgelerinde jübi telefonlaryny ulanmagy gadagan edýän kanun güýje girdi. Polşanyň radiosynyň habaryna görä, ýurtda ýol hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen pyýada geçelgelerinden geçýän adamlaryň şol geçýän döwründe ykjam telefonlaryndan peýdalanmagyna gadaganlyk girizilen kanun güýje girdi. Ol hem köçe-ýol hadysalarynyň hem-de ölüm-ýitimiň öňüni almak maksady bilen geçirilýär.

Şeýle hem täze kanuna laýyklykda,  iki ulagyň arasyndaky saklanýan araçäk täzeden düzgünleşdirildi.

Geçen ýyl Polşada ýol hadysalarynda 2500 pyýadanyň aradan çykandygy we bu babatda ýurduň Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde öňdeligi eýeleýändigi mälim edildi.

 

BMG-nyň Baş sekretarynyň saýlawy

 

 

Related posts

Imperatoryň maşgalasyna çaga edinmäge rugsat berilmegi mümkin

Gülüstan welaýatynda Magtymguly Pyragynyň doglan güni mynasybetli dabaraly çäre

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaý şäherinde geçirilen «GITEX Global 2025» çäresine gatnaşdy