DÜNÝÄ

Imperatoryň maşgalasyna çaga edinmäge rugsat berilmegi mümkin

Mälim bolşy ýaly, hökümet häzirki wagtda «Öý hojalygy baradaky» kanuna üýtgetmeler girizmäge seredip başlady. Häzirki kanunlara görä, tagtda diňe erkek imperatoryň neslinden bolan ogul oturyp biler.

Naruhitonyň neberesinden imperatorlyga 4 sany dalaşgär galyp, olaryň üçüsi 55 ýaşdan uly. Şeýlelikde, 5 ýaşly şazada Hisahitonyň ogul perzentli boljakdygyna kepil geçmek kyn.

Ýaponiýanyň hökümeti muny göz öňünde tutan ýagdaýda 85 ýaşly şazada Hitaçä çaga edinmek we ony mirasdüşer etmek mümkinçiligini bermek isleýär. Aýdylmagyna görä, şazada we aýalyna diňe imperatorlyk adyny saklap galmak üçin aristokrat we imperator maşgalalaryň nesillerini çaga edinmäge rugsat berilýär.

Hökümetiň bu başlangyjy Ýaponiýa jemgyýetinde ýiti tankytlara sebäp boldy. Köpçülik bu meseläniň aňyk çözgüdi aýallary tagtda oturmaga goýulan gadaganlygyň ýatyrylmagy bilen baglydygyny aýtdy. Bu nebereleriň gan mirasyny saklap galmak we ýurdy tagtyň mirasdüşer krizisinden goramak mümkinçiligini berer.

 

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

 

 

Related posts

Türkmenistanyň Ilçisi Katar Emirine ynanç hatlaryny gowşurdy

Ata Watan Eserleri

Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri – Liz Trass

Ata Watan Eserleri

Video-konferansı toplantı: Ekoloji işbirliği ele alındı

vepa