DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen geçirilen duşuşyga gatnaşdy

Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçisi Esen Aýdogdyýew ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Ellison M. Hukeriň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri bilen geçiren duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy habar berdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar işewürlik, möhüm ähmiýetli minerallar, emeli intellekt we sanlylaşdyrmak ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem duşuşygyň barşynda geljekki ikitaraplaýyn we sebitleýin çäreler, şeýle hem umumy gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky dialogy we netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigi tassyklanyldy.

Related posts

2024-nji ýylda geçiriljek saýlawlar

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Aşgabada geldi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň harby gullukçylary Moskwadaky Ýeňiş gününiň dabaralaryna gatnaşar