DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen geçirilen duşuşyga gatnaşdy

Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçisi Esen Aýdogdyýew ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Ellison M. Hukeriň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri bilen geçiren duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy habar berdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar işewürlik, möhüm ähmiýetli minerallar, emeli intellekt we sanlylaşdyrmak ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem duşuşygyň barşynda geljekki ikitaraplaýyn we sebitleýin çäreler, şeýle hem umumy gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky dialogy we netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigi tassyklanyldy.

Related posts

Türkmenistanyň medeniýet ministri Bakuda geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy

Türkmenistanda nemes dilini öwrenýänleriň sany 30 müňe ýetdi

Azerbaýjan Türkmenistana sowgat hökmünde nebit daşaýan tanker gurýar

Ata Watan Eserleri