DÜNÝÄ

Özbegistanyň we ABŞ-nyň Prezidentleriniň telefon söhbetdeşligi

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň arasynda telefonda söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşligiň başynda Özbegistanyň döwlet Baştutany Donald Trampy ABŞ-nyň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy bilen ýene bir gezek gutlady. Prezident Tramp, öz gezeginde, özbek-amerikan gatnaşyklarynyň ýokary derejä ýetendigini we iki ýurduň liderleriniň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny belledi. Ýokary derejede gazanylan ähli ylalaşyklaryň yzygiderli durmuşa geçirilýändigi kanagatlanma bilen nygtaldy, söhbetdeşler strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny anyk ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerine hem seretdiler.

Ykdysady hyzmatdaşlygyň üçýyllyk Maksatnamasy yzygiderli berjaý edilýär. Öazbegistan-ABŞ işewürlik we maýa goýum geňeşiniň ilkinji mejlisi geçirildi. Özbegistanyň welaýatlary bilen Amerikanyň ştatlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk giňeldilýär. ABŞ-nyň raýatlary üçin wizasyz düzgüniň girizilmegi işewürlik gatnaşyklarynyň işjeňleşmegine ýardam edýär.

Awtomobil gurluşygy, raýat awiasiýasy, dag-magdan senagaty, düzüm (infrastruktura), energetika, metallurgiýa, emeli aň, sanly tehnologiýalar we beýleki pudaklarda bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär.

Halkara gün tertibini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek, halkara we sebit meselelerini parahatçylykly ýol bilen çözmek boýunça tagallalary dowam etdirmegiň wajyplygy nygtaldy.

Liderler öňde duran ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn çäreleriň tertibine hem seretdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezident Şawkat Mirziýoýew Prezident Donald Trampy özüne amatly wagtda resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Related posts

Merkezi Aziýa ykdysady forumy: 85 ylalaşyga gol çekildi

Siyaset alanında Yüksek Lisans Başvuruları

vepa

Türkmenistan-BSG: işjeň synçy derejesi berildi

Ata Watan Eserleri