DÜNÝÄ

Russiýa – Hytaý: täze tebigy gaz ylalaşygy gazanyldy

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy üçin Pekin şäherine bardy. Bu ýerde Wladimir Putin bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Russiýanyň “Gazprom” kompaniýays bilen Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) arasynda tebigy gazy satyn almak-satmak babatda ylalaşyk baglaşdylar. “Mawy” altyn Russiýanyň Uzak Gündogar sebitinden iberiler. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Hytaýyň Başlygy Si Szinpin bilen bolan duşuşygynda “Russiýanyň nebitgaz pudagy Hytaý Halk Respublikasyna uglewodorod üpjünçiligi üçin gowy täze çözgütleri taýýarlady” -diýip belledi. Wladimir Putiniň bellemegine görä, gaz pudagynda-da öňe ädim ädildi: ýylda 10 milliard kubmetr tebigy gaz üpjünçiligi üçin täze şertnama göz öňünde tutuldy.

Şeýle hem taraplar dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Wladimir Putin we Si Szinpin iki ýurduň arasyndaky 140 milliard dollara barabar bolan haryt dolanyşygyny 200 milliard dollara ýetirmek babatda ylalaşdylar.

RUSSIÝADAN HYTAÝA NEBIT EKSPORTY

Şeýle hem Wlaidmir Putiniň Hytaýa amala aşyrýan saparynyň çäklerinde nebit eksporty babatda hem ylalaşyk gazanyldy. Russiýanyň “Rosneft” kompaniýasy bilen CNPC korporasiýasy 10 ýylyň dowamynda Gazagystanyň üsti bilen Hytaýa 100 million tonna nebit eksport edilmeig babatda ylalaşdy.

– Nebit Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky zawodlarda gaýtadan işlenilip, ýurduň nebit önümlerine bolan islegler kanagatlandyrylar – diýip, “Rosneft” kompaniýasy habar berýär.

2005-nji ýyldan bäri, “Rosneft” kompaniýasy Hytaýa 445 million tonna nebit iberdi.

 

Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

 

Ýene-de okaň

Türkmen ilçisi Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Bakudaky adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriň halkara forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň baş assambleýasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Gökderede ýaş ýangyn söndürijileriň bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Kýurasao milli ýygyndysy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Türkmenistan kreatiw we döredijilik boýunça halkara maslahata gatnaşdy